Sanly ykdysadyýetiň döreýiş taryhy

Ýakyn döwürde milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy meýilnamalaşdyrylýan bu ugur barada daşary ýurtlarda toplanan tejribäni öwrenmek, onuň bähbitli taraplaryna göz ýetirmek möhüm bolup durýar. Munuň üçin ilkinji nobatda “Sanly ykdysadyýet – bu näme?” diýen soraga jogap bermek zerurdyr. Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdirilende maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalaryň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr.

Sanly ykdysadyýet – bu hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy faktory sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşlerinden  tapawutlylykda dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň getirilişiniň, saklanylyşynyň we ýerlenilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Sanly ykdysadyýete başgaça elektron ykdysadyýet hem diýlip, onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada “ykdysadyýet” sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady işden başga-da, bu özgertmäniň netijesinde jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykýandygyny görkezýär. “Sanly” sözi bolsa ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşleriniň, hususan-da, internetiň ýüze çykmagy we gündelik durmuşymyzdan başlap, önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda olaryň giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr.

Ykdysady nazaryýet ylmynyň nukdaýnazaryndan teswirlenende, adat bolşy ýaly,ozal zähmet, kapital we çig mal önümçilik faktoryna degişli bolan bolsa, indi innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Näme üçin häzirki döwürde maglumatlaryň, onda-da sanly görnüşdäki maglumatlaryň ähmiýeti artýar? Sebäbi häzirki döwürde maglumatlar täze aktiw hökmünde häsiýetlendirilýär we islendik aktiwiň gymmatlygynyň bolşy ýaly, onuň hem gymmatlygy bardyr. Ýagny maglumatlary täze maksatlary we täze ideýalary amala aşyrmak üçin ulanyp bolýar.

Altyngözel GURBANGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok