Genji — känli topragym

Her bir ynsanyň gündelik ýaşaýşy, hojalygyny dolandyrmagy üçin elektrik togunyň, tebigy gazyň, agyz suwunyň gymmaty uludyr. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, her bir zady isripsiz ulanmagymyz bolsa, bize ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgedir. Biziň tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagymyz ekologik medeniýetimizi we terbiýämizi görkezýär. Ekologiki medeniýet we terbiýe daşky gurşawa aýawly garamak, tebigy baýlyklarymyzy nesillerimize hem ýetirmek ýaly asylly ýörelgedir. «Donuny aýan toýa ýeter, aşyny aýan nana ýeter» diýen ýaly parasatly pähimler tygşytlylyk hakynda aýdylandyr. Tygşytly we zaýasyz ulanmak terbiýesi maşgala terbiýesinden başlanýar, soňra bilim edaralarynda degişli dersleriň üsti bilen giňişleýin düşünje berilýär. Energiýa serişdelerini bisarpa ulanmagyň özi, ilkinji nobatda, daşky gurşawa zyýanlydyr, bölünip çykýan gazlaryň howany ýylatmak häsiýeti bardyr.

Ýaşaýyş-durmuşymyzyň gowulanmagy bilen biziň serişdeleri sarp edijiligimiz hem artýar. Biz tehnologiýalar asyrynda ýaşaýarys. Elektrik togy bolmasa, ýekeje elektrotehnikany işledip bilmeýäris. Elektrotehniki enjamlarynyň bolsa, el zähmetini ýeňilleşdirýändigi hemmämize mälimdir. Mawy ýangyç barada hem şeýledir. Tebigy gaz energetikanyň gözbaşynda dur. Senagat önümçiligi bolsun, elektik energetikada bolsun tapawudy ýok, tebigy gaz zerurdyr. Dünýäniň iri energetika döwleti hasaplanýan Watanymyz, halkymyzyň eşretli durmuşynda peýdalanmak bilen birlikde, tebigy gazy we elektrik energiýany daşary döwletlere eksport edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Pezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň agyz suw üpjünçiligimizi gowulandyrmak üçin suw arassalaýjy desgalar gurulýar, ekerançylykda hem suw tygşytlaýjy enjamlar ulanylýar. Bularyň ählisi uly maddy serişdeler bilen amala aşyrylýar.

Ata Watanymyz ýerasty we ýerüsti baýlyklara baýdyr. Tebigy baýlyklarymyzy özleşdirmek, olary tygşytly peýdalanmak şu günki eşretli durmuşymyzyň gülläp ösüşi üçin we geljekki nesillerimiziň ýaşaýşy üçin gymmatly mirasdyr.

Elmira ATAHANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok