Ilkinji kompýuteriň taryhyndan

Dünýäde ilkinji kompýuter, Amerikaly alymlar tarapyndan oýlanyp tapylýar. Ol “ENIAC” diýip atlandyrylýar. Ol diňe belli bir funksiýalary ýerine ýetiripdir. Ýagny elektron maglumatlary gaýtadan işlemek ukybyna eýe bolupdyr. Onuň tutýan meýdany 167 m² agramy bolsa 30 tonna golaý bolupdyr.

“ENIAC” – 1941-nji ýylda ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan oýlanyp tapylýar we doly taýyn etmek üçin dört ýyl gerek bolýar. 1945-nji ýylda kompýuterde ilkinji amallar ýerine ýetirilýär. Emma, garaşylýan netijäni bermeýär. Şol sebäpli, 1947-nji ýylda doly taýyn edilýär. Häzirki wagtda bu kompýuter Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet muzeýinde saklanýar.

Güýçmyrat GULLYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok