Her bir adamyň özüni alyp barşyny kesgitlemek diňe bir özi däl-de, eýsem, töweregindäkiler bilen gatnaşygyny sazlaşykly ýola goýmak üçin has peýdalydyr. Islendik adam özüniň daşky görnüşi boýunça tapawutlanýar. Elbetde, adamlaryň häsiýetleri hem özboluşly, üýtgeşik, aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Adamyň gylyk-häsiýetini öwrenmeklik şahsyýetiň özüni alyp barşyny öňünden görmekligiň, aýdyp bilmekligiň iň oňat we ygtybarly usuly bolup durýar. Özüňi alyp baryş hereketlerine örän köp sebäpler täsir edýär. Mysal üçin adamyň gen gurluşynyň dogabitdi zehini, ukyp-başarnyklary, medeniýeti, ýaşaýan döwri we ýeri, bolup geçýän ýagdaýlar.
Özüňi alyp barşyň birnäçe görnüşleri bolup, ol adamlaryň özüni alyp barşyny umumylykda düşündirýär. Gylyk-häsiýetleri sypatlandyrmak, tipler boýunça häsiýetlendirmek has amatly we düşnükli usul bolup, onuň dört sany düzümlerini belläp geçeliň: adamlar öz güýçlerini-energiýalaryny nämä sarp edýärler; köplenç haýsy, nähili habarlara üns berýärler, haýsylaryny ýatda saklaýarlar; olar çözgüde nähili gelýärler we olar daşky dünýäni nähili kabul edýärler. Agzalan ýagdaýlaryň ählisi biziň durmuşymyzyň möhüm taraplary bilen bagly we netijede biziň özümizi alyp barşymyza güýçli täsir edýär.
Ýokarda agzalan dört düzüjileri şkala görnüşde iki gutarnykly ýagdaýda bellemek has peýdaly hem-de düşnükli bolsa gerek:
(E) Ekstrawert ———- 0 ———— Introwert (I)
(D) Sensor —————0 ————-Intuit (N)
(T) Logik —————-0—————Emosional (F)
(J) Taktik—————-0—————-Persiwer (P)
Her şkalanyň merkezinde nol nokady bar. Bu nol nokady hökmany bolup, biziň her birimize dogabitdi berlen ýagdaýlaryň haýsy hem bolsa birine köpräk ýykgyn etmegimizdir.
.
Sonagül ÝAGŞYMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler