Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen Lideri söhbetdeşligiň başynda Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we Türkiýäniň doganlyk halkynyň bähbidine hem-de gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda we ymtylmalarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Taraplar birek-biregi şanly sene – Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary sebitleýin we dünýä derejeli möhüm meseleler boýunça hem pikir alşyşdylar.
Teswirler