QR kodunyň döreýiş taryhy

Ilkinji QR kod ulgamy 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň “Toyota”-nyň golçur kärhanasy “Denso Wave”–niň hünärmenleri tarapyndan oýlanyp tapyldy. Sebäbi şol döwürde önümçilikde öndürilen awtoulaglary yzarlamak gerekdi. Şol sebäpli hem ýapon ierogliflerini, latyn harplaryny, sanlary we käbir beýleki nyşanlary kodlamak üçin ulanyp boljak ştrih koduny döretmek kararyna gelindi.

Adaty ştrih – kod diňe çepden saga diňe bir tarapa okalýar. Şol sebäpden, az mukdarda maglumat saklap bilýär. Adatça bu harplar we sanlardan ybarat.

QR kody iki ugurda okalýar, keseligine we dikligine. Şonuň üçin “iki ölçegli ştrih-kod” diýilýär. QR kody has köp maglumatlary saklamaga mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjiler kody duýmak aňsat bolar ýaly we skaneriň dogry ýerini saýlamak üçin wagt ýitirmegiň zerurlygy bolmazlygy üçin islendik burçdan skanirläp boljak tanalýan formaty döretdiler.

Ilkinji QR koduň işlenip düzülmegi bir ýyldan gowrak wagt aldy. Ol 7000 sany we kanji nyşanlaryny özünde saklap, adaty ştrih-koddan 10 esse çalt okalyp bilinýär.

“Denso Wave” kärhanasyndaky döredijiler, QR kodlary döretmek we okamak tehnologiýasyny köpçülige elýeterli etmek we patent hukuklaryndan ýüz öwürmek bilen sahylyk etdiler. Diýmek, häzirem her kim öz QR koduny döredip we ulanyp biler. QR koduny döretmek aňsat, ýöne skanerler hemmeler üçin elýeterli däldir.

Oguljemal HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok