Aloý Wera ösümliginiň peýdalary

Aloý ösümliginiň köp peýdasynyň bardygy subut edilen kaktusa meňzeş ösümlikdir. “Aloý Wera” ösümliginiň meşhurlygy gadymy döwürlerden häzirki güne çenli dowam edýär. Köp derman bejergisinde, şol sanda kosmetika önümlerinde ulanylýan aloý wera ösümligi, ýurduň günorta sebitlerinde, yssy ýerlerde has köp ösýär. Ýapraklarynda açyk şire görnüşli suwuklygy saklaýan bu ösümlik, peýdasy bilen bejergini paýlaýar diýen ýaly.

Aloý Werany nädip ulanmaly?

“Aloý Wera” ösümligi iki görnüşde ulanylýar. Olaryň biri agyzda ýüze çykýan beýlekisi deride ýüze çykýan hassalyklarda  ulanylýar. Ösümlikden ýörite melhemleri taýýarlap ulanmak bedeniň iýmit siňdiriş, peşew çykaryş we nerw ulgamyna peýdalydyr we derä sürtülende derini bejerýär. Aloýyň kökünden ujuna çenli ownuk bölüp alyp içinden çykýan suwuklygy derä çalyp bilersiňiz.

Aloý Weranyň peýdalary:

  • Aloý Wera iýmit siňdiriş ulgamyny güýçlendirýär.
  • Aşgazan kesellerini azaldýar.
  • Aloe wera ýagy ýa-da aloý wera sabyny derä ulanylanda, gyzarmak meselelerini gowulaşdyrmaga kömek edýär, esasanam gury deride.
  • Gün şöhlesiniň zyýanly täsirleri sebäpli dörän ýanmalar, deriniň çişmegi bejerýär.
  • Içegäniň düwnük keselini peseldýär.
  • Içege kesellerini bejermekde ulanylýar.
  • Böwrekleri kesellerden goramak ukybynyň bardygy mälimdir.
  • Ýokanç keselleriň döremeginiň öňüni alýar.
  • Aloe wera düwürtikleri bejermek üçin ulanylýar.
  • Deriniň garramagynyň öňüni alýar.
  • Holesteriniň derejesini deňagramlylykda saklaýar.
  • Aloý wera sabyn ownuk deri allergiýasyny bejerýär.
  • Aloý wera ösümligi radiasiýanyň täsirini azaldýar.
  • Bedende minerallary we witaminleri saklaýar.
  • Süýji keseli üçin peýdalydygy subut edildi.

Azoda BEKMATOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

atajan

aloe verany nädip ulanmaly böleklere bölüp içmek dogry bolarmy