Ösüşiň itergi güýji

«Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz». Hormatly Prezidentimiziň bu sözlerinden görnüşi ýaly, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Ýaşlarymyzyň aglabasy dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamak bagtyna eýe bolýarlar. Döwletimizde dünýäni haýrana goýýan ösüşleriň gazanylmagynda ylmy öňegidişlikleriň täsiriniň uludygy ajaýyp hakykatdyr.

Bilimi kämilleşdirmegiň netijeli ýoly sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakdyr. Häzirki wagtda durmuşymyzda sanly bilim ulgamyna geçmek işleri giň gerime eýe boldy. Çagalar heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Muňa sanly ykdysadyýet eýýamyna taýýar, bilimli şahsyýetleri ýetişdirmek üçin ilkinji ädim diýsek, dogry bolar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işi sanlaşdyryldy. Şeýle-de, okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Ähli ýokary okuw mekdepleriniň sanly ulgamlaryny bir umumy tora birikdirmek arkaly ýurdumyzyň bilim portalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bilim ulgamynyň sanly giňişligi döredilende, dünýäniň ösen bilim ulgamlary bilen aralaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilmelidir. Okuw kitaplaryny elektron görnüşe geçirmek, ýokary we orta bilim edaralary bilen elektron okuwlaryny ýola goýmak işleri sanly bilim ulgamynyň datly miweleridir.

Bilimi ösdürmegiň ýene bir ýoly ýaşlarda okamak endigini, kitap medeniýetini döretmekdir. Şeýle endik ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýän iň uly serişdedir. Dürli döwürleri öz içine alýan kitap gorlaryny gorap saklamak, täze röwşe getirmek işleri geljek üçin gymmatly baýlykdyr. Milli genji-hazynamyz, egsilmez baýlygymyz bolan kitaplary aýawly saklamak hemmämiziň borjumyzdyr. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi ykdysadyýetimiziň, medeniýetimiziň, ähli pudaklaryň geljekki hünärmenlerini kämil derejede taýýarlamaga ýardam edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýat döredilendir.

Selbi TAGANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok