Zirk ösümliginiň peýdalary hakda maglumat

Zirk — iň gadymy dermanlyk ösümlikleriň biri bolup, irki wagtlardan bäri lukmanlar ony  zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Zirk agajy maý-iýun aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Şonuň üçinem hem ony tutuşlygyna derman ösümlik diýip  atlandyrmak bolar. Zirkiň miwelerinden gadymy Müsürde «Sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe hem giňden peýdalanylyp we ondan em tapypdyrlar.

Mundan başga-da, orta asyrlarda zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde peýdalanylypdyr. Ýagny, zirkden demlenen içgini üç günüň dowamynda yzygiderli içseň, ötdäki hapalary çykarýar, aşgazanyň, bagryň gyzgynyny alýar, gan basyşynyň beýgelmegini sazlaýar, içegäni arassalaýar we ýüregi berkidýär.

Häzirki wagtda halk lukmançylygynda zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlamakda giňden ulanylýar. Zirk agajynyň ýapraklary, gülleri, miwesi, hatda gabygy-da dürli ýokumly maddalara baý bolup, ony tibet we mongol halk lukmançylygynda gyzgyny gaýtaryjy, sowuklama garşy, ganyň akmagyny togtadyjy serişde hökmünde ulanýarlar. Bolgar halk lukmançylygynda bolsa, zirkden gaýnadylan içgini aşgazany, dalagy, içgeçmäni bejermekde peýdalanýarlar.

Ýazmergen ATAGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok