Wideo oýunlar peýdalymy ýa-da zyýanly?

Kompýuterlerde, planşetlerde, jübi telefonlarynda we oýun merkezlerinde oýnalýan wideo oýunlary, köplenç boş wagtymyzy sarp etmegi we günüň stresinden dynmak üçin gowy çykalga bolup durýar. Ýöne käbir adamlar uzakly gün diýen ýaly şol wideo oýunlaryň öňünden turman oýnaýarlar. Şeýle ýagdaýlar adam üçin zyýanlymy ýa-da zyýansyzmy? Oýunlar bize nähili täsir edýär? Geliň onda wideo oýunlarynyň gowy we erbet taraplaryny öwreneliň!

Wideo oýunlarynda yzygiderli we çalt üýtgeýän nerw gyjyndyrmalary bar. Kaliforniýa uniwersitetiniň derňewçileri daşky gurşawdaky köp gyjyndyrmalara duýgur bolmagyň wagtyň geçmegi bilen gündelik durmuşda ünsi jemlemek bilen bagly käbir ýaramaz ýagdaýlary ýüze çykarýandygyny aýdýarlar.

Oýun oýnamak üçin sarp edilen wagt bilen saglyk meseleleriniň arasynda akademiki üstünlikleriň peselmeginiň arasynda hem baglanyşyk bar. Oýun oýnamaga sarp edilýän wagtyň köpelmegi okuwçylaryň sapaklarda pes baha almagyna sebäp bolup bilýär. Oýun oýnamak üçin sarp edýän wagtymyza gözegçilik edip bilmeýän wagtymyz, jogapkärçiligimizi hem äsgermezlik edip bilýäris. Wideo oýunlary uzak wagtlap oýnamak, ukynyň bozulmagy ýa-da görüşiň pese gaçmagy ýaly saglyk meselelerine hem sebäp bolup bilýär.

Oguljahan ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok