Ak şäherimiz hakda näçe sözleseň, sözläbermeli. Aşgabat diňe bir halkara ylalaşdyryjy merkez bolman, eýsem, halkara sport, syýahatçylyk we medeni merkezdir. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, 2008-nji ýylda bolsa Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa öýi» açyldy.
Merjen şäherimiz halkara forumlarynyň, maslahatlarynyň, dürli sergileriň, festiwallaryň, Medeniýet günleriniň geçirilýän merkezidir. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesi gurlup, ol halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Baş şäherimiz şonuň ýaly-da, Ýer ýüzüniň ähli künjeginden gelýän jahankeşdeleriň arzyly ýeridir.
2016-njy ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalary jemlenen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň başga-da birnäçe täsinlikleri dünýäniň bu rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny tapdy.
Döwür bilen aýakdaş gidýän Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, sanly ulgamyň merkezine-de öwrüldi. Baş şäherimiz tapgyrlaýyn ösdürilýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn köl» dynç alyş zolagynda döwrebap kottej jaýlar gurlar. Onuň 18-nji tapgyrynda bolsa, Köşi ýaşaýyş toplumynda dürli maksatly binalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Özem olar sanly ulgam ornaşdyrylan «akylly» öýler bolar.
Ýakyn geljekde paýtagtymyz ajaýyp binalar we desgalar bilen has hem gözelleşer. Olardan gurluşygy alnyp barylýan Aşgabadyň demirgazygyndaky «Aşgabat siti» işewürlik merkezini, «Arkadag», «Garagum» myhmanhanalaryny, Hökümet münberini, «Daşkent» seýilgähini we başgalary görkezmek bolar.
Şahyrlaryň biriniň şygrynda «Baky juwan, Aşgabat» diýilýär. Merjen şäherimize 140 ýaşly şäher diýer ýaly däl. Ol – hemişelik juwanlygyň, ýaşlygyň, aşyklaryň, gözelligiň şäheri. Eger Aşgabat täsinlikler kitabyna häzire çenli 11 gezek giren bolsa, wagtyň geçmegi bilen, 20-nji, 50-nji, 100-nji gezek hem girer. Çünki ol göwünleriň hem, dünýäniň hem ykraryna öwrülýär.
Gözel ORAZBAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler