Türkmen halkynyň häzirki ajaýyp zamanasynda özboluşly bir täsin sungat derejesine göterilen milli atşynaslyk däbi öz gözbaşyny iň gadymy döwürlerden, has takygy biziň eýýamymyzdan ozalky III – II müňýyllygyň sepgidinden, ýagny 4000 ýyldan gowrak wagt öňden alyp gaýdýar. Biziň ýurdumyzda bu milli atçynaslyk däbiniň ilkinji dörän ýeri hem, Beýik Ýüpek ýolunyň ilkinji geçen ugrunda ýerleşýän, şol döwürleriň has gülläp ösen iň iri şäherleriniň biri bolan Nusaý bilen Goňurdepe şäherleridir. Bu şäherlerde taryhyň dürli döwürlerinde gadymy kerwen ýolunyň işjeň hereketine aýratyn ähmiýet berilmeginiň özi bolsa, biziň türkmen milletimiziň ýylanyň damagyndan çykan ýaly diýilýän, owadan, ýyndam atlary bilen gadymyýetden bäri meşhurlyk gazanmagyna getiripdir. Türkmen ýaýlasynda seýil edip ýören ahalteke bedewlerini täze garaýyş, onda-da öň görüp bilmedik gözelligiňi indi görüp biljek üýtgeşik bir ruhy mähire eýlenen täze garaýyş, bakyş bilen synlasyň geliberýär. Biziň pikirimizçe, çyn şygryýetiň güýji hem şunda bolmaly.
Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplarynda milli atşynaslyk sungatynyň ata-babalarymyzdan miras galan iň gadymy senetdigi barada beýan edilýär. Gözellikde owadanlygyna taý tapylmaýan, çalasyn hem çakgan türkmen atlary milli Liderimiziň bedewler baradaky kitaplarynyň baş mazmun özenini düzýär.
Gülnar ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler