- “Wikipedia” – internet ulgamyndaky iň uly maglumat çeşmesi bolup, bu çeşme Larry Sanger tarapyndan 2001-nji ýylda işlenilip düzülýär.
- Häzirki wagtda Wikipediada jemi 260 dilde ýazylan 14 milliondan gowrak makala ýerleşdirilendir.
- Wikipediada jemi 3,1 million sany makala iňlis dilindedir.
- Dünýä boýunça 75000 sany ýazyjy Wikipediada ýerleşýän maglumatlary täzelemek we olaryň üstüni ýetirmek işini alyp barýar.
- “Wikipedia” – “Wiki” we “Pedia” sözlerinden emele gelip, hiç hili mahabatsyz, girdeji gazanmak maksady bolmaýan erkin ensiklopediadyr.
- “Wikipedia” ortaça ýylda 690 million sany gözlege jogap berýär.
- “Wikipedia” saýty “Wikimedia” kompaniýasynyň bir önümi bolup, ol ilki telekeçilik maksady üçin işläp başlaýar, emma soňy bilen saýtyň salgysynyň yzyndaky ,,com” degişlilik belgisi ,,org” bilen çalşyrylýar. Şeýlelikde, bu bolsa Wikipedianyň söwda maksatly däldigini habar berýär.
- Wikipediada 1500 sany administrator tarapyndan girizilýän maglumatlar gözegçilikde saklanylyp, gözegçilikden geçirilenden soňra saýtda ýerleşdirilýär.
- “Wikipedia” maglumat çeşmesiniň döredilen güni 15-nji ýanwar bolanlygy üçin, Wikipedia guramasynyň agzalary bu güni ,,Wikipedia güni” hökmünde belläp geçýärler.
Nurgözel POTYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler