Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýanwar aýynda $26 milliondan geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 26 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda goňşy döwlet Özbegistanyň ýurdumyzdan importy 19 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýle-de ýurduň Türkmenistana eksporty 7 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň ýanwar aýynda daşary söwda dolanyşygy 3 milliard 500 million ABŞ dollaryna golaýlap, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 milliard 160 million ABŞ dollary ýa-da 49,9% ýokarlandy.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň iň köp söwda eden ýurdy Hytaý bolup, ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 621 million ABŞ dollaryna deň boldy. Mundan başga-da hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($573,3 million), Gazagystan ($266,8 million), Türkiýe ($266,1 million), Günorta Koreýa ($213,4 million), Gyrgyzystan ($60,3 million), Ukraina ($48,9 million), Germaniýa ($45,3 million), Hindistan ($44,5 million) we Täjigistan ($43,1 million) girdi.

Belläp geçsek, 2021-nji Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Nartäç AWLIKULIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň “Fizika we elektronika”
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok