Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan ýük daşamalaryň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, öz çäginde ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün edýär.
Ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtoulag, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. Ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän täze howa menzilleri bina edilýär, demir ýollar, ýokary tizlikli awtoulag ýollary, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Demir ýol, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, wagonlar, uçarlar bilen ýetirilip, ulag hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmen logistika assosiasiýasy» hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine getirdi.
Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar. Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň diňe bir deňiz-derýa ulaglary ulgamynda däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň awtomobil ulaglary ulgamynyň üsti bilen hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly işleri amala aşyrýar. Döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) halkara demir ýol ulag geçelgelerini, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar.
Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meseleler, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.
Halima ÝOLDAŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler