18-nji halkara Žautykow bäsleşiginde Türkmenistanly okuwçylar ýeňiji boldular

Şu  ýylyň 15 — 23-nji fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan onlaýn görnüşde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça 18-nji halkara Žautykow bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Belarussiýa, Özbegistan, Ermenistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Norwegiýa, Türkiýe ýaly 21 döwletden okuwçylaryň 1 müň 178-si gatnaşyp, olaryň 520-si matematika, 340-sy fizika, 318-si bolsa informatika dersleri boýunça bäsleşdiler.

18-nji halkara Žautykow bäsleşigine Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdeplerinden saýlanan 8 toparda jemi 22 okuwçy gatnaşyp, olara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.

Bäsleşikde matematika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kerimguly Bendow hem-de informatika dersi boýunça şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gurbanberdi Gulladyýew bürünç medallara mynasyp boldular.

Halkara bäsleşikde ýeňiji bolanlar üçin 23-nji fewralda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dabara geçirildi.

Bossan Meretgulyýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok