Sanly ykdysadyýet – şanly ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy zamanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan döwrebap, kämil özgertmeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryny gurşap aldy. Bu özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiz ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» iş ýüzünde üstünlikli  amal edilmegi bilen milli halk hojalygymyzyň ykdysady howpsuzlygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Sanly özgertmeler esasynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaklyk barada öňde goýlan maksatlar durmuşa ornaşdyrylyp, üstünlikli sepgitler gazanylýar. Çünki, sanly ykdysady ulgamyň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy innowasion ösüş we öňdebaryjy tehnologiýa arkaly önümçilik harajatlaryny, sarp edilýän wagty  ep-esli azaltmagyň hasabyna serişdeleriň tygşytly we daşky gurşawa zyýansyz ulanmaga, ylmyň köp talap edilýän pudaklarynda iş bilen üpjünçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasyny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer. Hut şonuň netijesinde bolsa, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň geografik çägi giňäp, dürli ýurtlar bilen alyp barýan  halkara hyzmatdaşlygy döwrebap derejede kämilleşýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýändigini, bu ugurda gazanylýan üstünliklerimiziň bolsa halkymyzyň durmuş-medeni ýagdaýyny ýokarlandyrmakda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär. Diýmek, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly ykdysady özgertmeler  halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýylsaýyn gowulandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň özgertmeler we gazanylýan ägirt uly ösüşler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» öz wagtynda üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam döredýär. 

Jennnet ÝAZYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok