Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy toýlanan döwründe paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Bu bolsa halkymyza ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgady boldy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat Aziýanyň “merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy we paýhasly baştutanlygy esasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her bir şanly senä gabatlap, obalaryňdyr şäherçeleriň, tutuş şäherleriň düýbüni tutmak we gurmak Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi.
Gurluşygyna badalga berilen “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň umumy meýdany 744 gektardan ybarat bolar. Bu ýerde binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragy, maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
Bulardan başga-da, Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary gurular. Bu ýerde kaşaň we belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.
Amantäç ANNAGULYÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy.
Teswirler