Li-Fi – ýagtylyk boýunça maglumaty geçirýän tehnologiýa

Li-Fi tehnologiýasy Wi-Fi tehnologiýasy bilen deňeşdirilende ýüz esse ýokary tizlikli maglumatyň geçirilişini üpjün edýär. Li-Fi tehnologiýasy 2022-nji ýyla çenli köpmillýardly industriýa üçin esasy döredip, geljekde söwdany düýpleýin özgertmäge mümkinçilik döreder. Häzirki günde 1 Gbit/s we ondan ýokary tizligine ýetmek üçin Li-Fi tehnologiýasy boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa bar bolan giňzolakly girişiň görkezijilerinden has ýokary geçmegini gazanar.

Häzirki wagtda Li-Fi ösüp barýan tehnologiýa hasaplanylýar, emma eýýam köp kompaniýalar oňa maýa goýmagy isleýärler. Geljekde ol Wi-Fi tehnologiýasyny doly çalyşyp giňden ulanylyşa girmegi mümkindir. Birnäçe ýyldan soňra, degişli tehnologiýanyň giňmöçberli ulanylmagynyň başlanmagy meýilleşdirilýär.

Li-Fi Light Fidelity sözünden gelip çykýar, ýagny görünýän ýagtylygyň kömegi bilen kommunikasiýanyň simsiz görnüşini aňladýar. Bu optiki simsiz maglumaty geçiriş tehnologiýasy radiotolkunlaryň ýerine ýagtylyk diodlaryndan ýagtylygy ulanmak bilen ikitaraplaýyn ýokarytizlikli mobil aragatnaşygyny üpjün edýär. Ýagtylyk akymlarynyň üsti bilen ikilik maglumatlaryň geçirilişi üpjün edilýär. Li-Fi adalgasy nemes fizigi Garald Gaas tarapyndan işlenip düzülipdir.

Li-Fi tehnologiýasy – tolkun uzynlygynyň görünýän diapaonynda işleýän arzan we çalt Wi-Fi wersiýasydyr. Tehnologiýa 400 TGs-den (780nm) 800 TGs çenli (350 nm) spektrinde görünýän ýagtlygy ulanmak bilen maglumatyň geçirilişini göz öňünde tutýar. Li-Fi elektromagnit tolkunlarynda işleýär. Li-Fi ýokary tizligi eýýam häzirki günde HD-hilinde online wideo geçirmäge mümkinçilik berýär. Li-Fi tehnologiýasy iň goralan tehnologiýa hasaplanylýar, sebäbi ony döwmek we almak üçin bir otagda bolmagy zerurdyr. Enjamyň pes energiýa sarp edijiligi we maglumaty geçirmegiň tizligi bilen ulanyşda amatlydyr. Şöhlelendirijiniň ähli işlenmeleri adaty ýagtylyk diodlaryndan döredilýär. Geljekde interneti adaty lampalaryň üsti bilen geçirmek bolar.

Aşyrtäç HAJYMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok