Käşir şiresiniň peýdasy

Gök önümdäki ýa-da miwedäki islendik şire ähli maddalaryň konsentrasiýasydyr. Şire adaty gök önümden ýa-da miweden has köp witaminleri we minerallary özünde jemleýär.

Käşirdäki iň göze ilýän maddalar karetinoidlerdir. Käşirdäki karetinoidlere beta-karotin, lýutein we zeaksantin degişlidir. Beta-karotin deri we görüş saglygy üçin möhüm bolan A witaminiň çeşmesidir. Bu witaminiň ýetmezçiligi bilen adamlarda gijeki görüşiň bozulmagy ýüze çykýar. A witamini beloklaryň sintezine gatnaşýar, süňkleriň we dişleriň dogry emele gelmegine goşant goşýar we immun ulgamy üçin möhümdir. A witamini deriniň täzelenmegi üçin hem zerurdyr.

Käşirde gaty gymmatly karetinoidlerden başga-da düzüminde B, C we E witaminleri bar. Käşirde içegäniň mikroflorasyny iýmitlendirýän dürli-dürli süýümler bar. C witamini, kaliý we magniý ýaly ýürek üçin peýdalydyr. Ol gan damarlaryny we ýürek myşsalaryny güýçlendirýär.

Ýazmuhammet SAPAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok