Dünýäni üýtgeden Google

Internet dünýäsiniň iň üstünlikli gözleg saýty bolan ,,Google’’-y 1997-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda programmistler Larri Peýj we Sergeý Brin Google gözleg ulgamy üçin döretdiler. 1998-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda bolsa, Google şereketi resmi bolup gurulýar. Adamzat taryhynda in möhüm IT-kompaniýalaryň biriniň taryhy şeýle başlandy.

Google biziň gözleg ulgamlaryna bolan garaýşymyzy üýtgetdi. Häzirki wagtda Google – internetdäki iň köp girilýän saýtlaryň biri bolup, ol ähli zadyň sebäbini ýüze çykarmak we çylşyrymly sowallara dürs jogap bermek üçin ulanylýar. Google kompaniýasy resmi ýagdaýda 1998-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Kaliforniýa ştatynda hasaba alyndy.

,,Google” ady ýüz nolly 1 sany aňladýan ,,Gugol” sözünden gelip çykypdyr. Bu gözleg ulgamy özüniň ýönekeý interfeýsi bilen internet ulanyjylaryny özüne çekip gelýär. 2000-nji ýylda Google reklama satuwyna başlady. Google internetiň täze bazaryna çykmak bilen özüniň beýleki garşydaşlaryndan tapawutlandy.

2014-nji ýylda Google 41 döwletde ýerleşen 70-den artyk edarasyna eýe boldy. Wagtyň geçmegi bilen bu gözleg ulgamy özüniň Gmail poçtasyna, Google Maps kartalaryna eýe boldy.

Rejepmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok