Arheologlar mundan öň görlüp-eşidilmedik dinozawr görnüşiniň galyndylaryny tapdylar

Ýakynda Demirgazyk Afrikada täze dinozawr görnüşi tapyldy. Gazuw-agtaryş işlerinde öň bar bolan “Abelisauroidea” dinozawr görnüşine meňzeş golsuz dinozawrlaryň galyndylary ýüze çykaryldy.

Aslynda, bu tapylan galyndy 66 million ýyllap entek çykmadyk ýumurtgada saklanyp galypdyr. 66 million ýyl bäri diýen ýaly saklanyp galan düwünçejikdäki dinozawr “oviraptorosaur” diýlip atlandyryldy.

Şeýle hem, soňky aýlarda ABŞ-nyň alymlary Nýu-Meksikada 82 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen şahly dinozawryň täze görnüşini tapdylar. Hatda täze açylan bu görnüşiň iň meşhur şahly dinozawr görnüşleriniň biri bolan “triceratop”-laryň atasydygy mälim edildi. Indi dinozawr görnüşlerine ýene täzesi goşuldy.

Argentinada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan dinozawryň takmynan 70 million ýyl ozal Afrikada, Günorta Amerikada we Hindistanda ýaşaýandygy mälim edildi.

Gözleglere gatnaşan alymlar bu açylan dinozawr görnüşleri barada: “Bu täze dinozawr görnüşi, adaty bir jandar däl. Onuň dünýäniň sebiti barada möhüm täze maglumatlary berýän birnäçe möhüm aýratynlygy bar.” diýip, nygtap geçdiler.

Patma IŞANBERDIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok