Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy

Ulag pudagy durnukly ösüşi üpjün etmegi şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýäniň sebitlerini we yklymlaryny birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet öz geografik taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Ýurdumyz hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşleri boýunça ösdürmegiň uly mümkinçilikleri bardyr.

Ýurdumyzyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine-de kuwwatly itergi berdi. Geografiki taýdan örän amatly – Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmek bilen, döwletimiz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir.

Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürüp we onuň Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip bolar.

Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar – Günbatar hem-de Demirgazyk – Günorta ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek ýakyn geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmegiň maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de Ýewraziýanyň dünýädäki iki ykdysady giňişliklerini birikdirmek bilen baglanşyklylykda bu ugurda möhüm logistik geçelgeleri kemala getirmek uly ähmiýete eýedir. Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykylmagyny üpjün etmek bilen, günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna birleşmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Has iri görnüşdäki hyzmatdaşlygy döretmek başlangyjynyň özi geoykdysadyýetde onuň ösüşiniň strategik geljegini nazarlamaga hakyky täzeçe garaýyş bolup durýar.

Ýurdumyzda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalar diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitliligi bilen çäklenmän, eýsem munuň özi sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, yklymara syýasy aragatnaşyklaryň ähli ulgamlaryna düýpli durnuklylyk bermäge möhüm geosyýasy şertdir.

.

 Dawut BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyňI ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok