2022-nji ýylyň ýanwar aýynda türkmen telekeçileri teplisa toplumlarynda ösdürilip ýetişdirilen 10,5 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň web sahypasynda habar berilýär.
Teplisa toplumlarynda ýetişdirilen pomidorlary esasan Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan we Birleşen Arap Emirliklerine eksport edildi. 2021-nji ýylda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryna pomidor satuwyny ýola goýup başlady.
Synçylar, Türkmenistanda teplisa pudagynyň çalt ösmegine uly baha berýärler. Şeýle-de iri teplisa toplumlaryny döretmek üçin zerur bolan döwrebap enjamlary satyn almakda döwlet banklary telekeçiler üçin uly goldaw berýändigini hem nygtaýarlar.
Didar BEKMIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler