Milli Lidermiziň innowasiýa esasynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmäge gönükdirilen syýasatyna esaslanylyp, ýurdumyzda hil taýdan täze ykdysady ösüş gazanylýar we belent sepgitler eýelenilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli esasda alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu konsepsiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda» we «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda çykaran Permanyna, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna», hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek barada beren tabşyryklaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda taýýarlanyldy.
Ýurtda sanly ulgamy ösdürmek bilen baglanyşykly nobatdaky ädim bolup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi çykyş edýär. Resminama maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we jemgyýetçilik ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki şertlerinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan üstünlikli peýdalanmagyň durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzy gülläp ösdürmegiň binýadyny üpjün edýändigini belleýär.
Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzelikleri döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Roza AGAHANOWA,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler