Nigeriýanyň Aragatnaşyk we sanly ykdysadyýet ministri Isa Ali Pantami hökümetiň resmi aragatnaşygyny goramagy maksat edinýän kiberhowpsuzlyk syýasatyny tassyklanandygyny mälim etdi.
Pantami, döwlet edaralaryna resmi aragatnaşyk üçin Gmail, Yahoo , Hotmail we beýleki poçta hyzmatlaryny ulanmazlyk tabşyrylandygyny aýtdy.
Häzirki wagtda käbir döwlet edaralarynda aýratyn e-poçta ulanyp resmi hatlaryň ugradylýandygyna ünsi çeken ministr, mundan beýläk hökümete degişli ýagny, “gov.ng” domenli e-poçta hyzmatlaryň ulanyljakdygyny nygtady.
Muhammet SALIMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler