Alymlar: “Uzak wagtlap kosmosda bolmak beýniniň öýjüklerine täsir edýär”

Alymlar we kosmonawtlar Halkara kosmos stansiýasynyň kömegi bilen kosmosda ençeme ýyl bäri dürli synaglar we gözlegler geçirýärler.

“Frontiers in Neural Circuit” žurnalynda çap edilen täze gözlegde, uzak wagtlap kosmosda galmagyň beýniniň gurluşyna we käbir nerw öýjüklerine ýetirýän özara täsiri ýüze çykaryldy.

Alymlar kosmonawtlaryň beýnisini Halkara kosmos stansiýasyna uçuşdan birnäçe gün öň, Ýere gaýdyp geleninden we gonandan 7 aý soň magnit-rezonans tomografiýasy bilen gözden geçirdiler.

12 kosmonawt boýunça geçirilen gözlegleriň netijesinde, kosmosda uzak saklanmagyň hereketlere gözegçilik etmek we başlamak üçin jogapkär beýniniň sebitleriniň arabaglanyşygyny ep-esli üýtgedendigi kesgitlenildi.

Hünärmenler bu özara täsiri beýniniň kosmosdaky şertlere uýgunlaşmagy bilen baglanyşyklydyr diýip çaklaýarlar.

ALLABERDI HOŞDURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok