Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş Türkmenistana sapar bilen geler

Şu hepdäniň penşenbe güni Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş Türkmenistana sapar bilen geler. Türkiýeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul ediler. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň  arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäklerinde Türkiýäniň Söwda ministri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjow hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşyklary geçirer.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygy 1 milliard 700 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl (985 million ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 53% ýokarydyr. Şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistana eksporty 985 million ABŞ dollaryna, importy bolsa 711 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok