Miweleriň adam saglygy üçin peýdasy uludyr. Şolaryň biri hem üzümdir. Onuň 350-ä golaý görnüşi bellidir. Ýabany hem-de medeni görnüşleriniň köpüsi miwelerinde çigit (tohum) saklaýarlar. Miwesinde tohum saklamaýan görnüşleri bolsa kişmiş taýýarlamakda gymmatly önüm hökmünde ulanylýar.
Türkmenistanda üzüm nahallaryny oturtmak güýzde şeýle hem ýazda geçirilýär. Üzüm nahallary oturdylýan mahalynda, üzümiň uzak ömürliligini hem-de önümliligini üpjün etmek üçin, olary hemişelik ýerinde oturtmak iň möhüm işleriň biridir. Talabalaýyk ideg we timarlama çäreleri doly geçirilende, oňat hasyl getirýän döwri 35 — 40 ýyl we ondan-da köp dowam edýär.
Üzümiň düzüminde glýukoza, fruktoza, sahoroza ýaly uglewodlar, 80 göterime çenli suw, organiki turşular, pektinler bar. Miwelerinde kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, margenes, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikroelementler, B, C, P, PP toparynyň witaminleri, fermentler saklanýar. Üzümiň dänesindäki pektinler radioaktiw elementleriň, agyr metallaryň we beýleki toksinleriň bedenden çykarylmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, üzümiň örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny üzüm bilen bejermek mümkin. Şeýle-de peşew ýollarynda, böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Onuň birnäçe kesel dörediji ýokançlyklaryň öňüni alýandygy barasynda ylmy kitaplarda ýazylan.
ZULFIÝA AKYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler