Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan dalaşgär hödürlendi

Şu gün “Watan” habarlary gepleşiginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynyň geçirilendigi habar berildi. Geçirilen gurultaýyň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Meredow hödürlendi.

2012-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetine ýolbaşçylyk edip gelýän Babamyrat Meredow, 2001-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok