Näme üçin ýer titremeler Piza diňini ýykmandyr?

Birnäçe adamy gyzyklandyrýan soraglardan biri, Piza diňiniň näme üçin ýer titremelerde ýykylmaýanlygydyr.

Italiýadaky Piza diňi, özüniň gyşyklygy bilen meşhurdyr. Bir wagtlar binanyň depesinden toplaryň atylmagy sebäpli bu diň gapdala gyşarypdyr. Şeýle-de bolsa, aşagyndaky ýeriň ýumşaklygy wagtyň geçmegi bilen Piza diňiniň has-da gyşarmagyna getiripdir. 56 metr beýiklikdäki diň häzirki wagtda 4 metre golaý gyşyk dur.

 Emma näme üçin bina sähelçe ýer titremesinde hem ýykylanok? Bu sorag köp adamy gyzyklandyrýan bolsa gerek. Piza diňi asyrlar boýy birnäçe wakalara we ýer titremelerine garamazdan ýykylman galmagy başardy. 1173-1280-nji ýyllarda, 200 ýyl töweregi aralykda dowam eden minaranyň adyny göterýän Piza şäheriniň töwereginde dört sany uly ýer titremesi bolup geçdi.

Ýakynda ýörite alymlardan düzülen gözleg topary bir ýere jemlenip, Piza diňiniň ýer titremelerinden nädip halas bolup bilendigini öwrendiler. Netijeleri, seýsmiki hadysalar wagtynda minarany zyýansyz saklaýan zadyň ýykylmagynyň bosagasynda durmagyny üpjün edýän şol bir zatdygyny görkezýär. Ol hem ýumşak ýer.

Minaranyň beýikligi we gatylygy we düýbüniň topragynyň ýumşaklygy birleşende, gurluşyň yrgyldy aýratynlyklarynda düýpli üýtgeşmeler bolýar. Gözlegçileriň gözleglerine görä, minara ýer titremesi wagtynda ýer bilen titremeýär we şeýlelik bilen seýsmiki çärelerden zyýansyz ýaşamagy başarýar.

Çynar BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok