Hytaýyň “Red Delicious” ady bilen hem tanalýan “Hua Niu” almalary öz reňkleri bilen täsir galdyrýar. Bu almalar goýy gyrmyzy, gara reňkleri bilen tapawutlanýar. Almanyň bu görnüşi seýrek bolup, Tibet daglarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu almalar Hytaýyň Tibet awtonom sebiti bolan Ningçiniň geografiki şertleriniň täsiri netijesinde özboluşly reňk alýar.
Hytaýyň “Dandong Tianluo Sheng Nong E- Commerce Trade ” kärhanasy gara almany ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Almanyň bu görnüşi deňiz derejesinden 3100 metr belentliklerde 50 gektar meýdanly ýere otyrdyldy. Alymlaryň aýtmagyna görä almanyň gara reňkiniň emele gelmeginiň esasy sebäbi sebitde gije – gündiz temperatura görkezijileriniň tapawudydyr. Güýçli gün şöhlesi we ultramelewşe şöhlesi hem täsir edip, bu miwäniň gabygynyň reňkini häsiýetli goýy gyzyl reňkden goýy gyrmyzy reňkine öwürmegidir. Bu miwäniň bahasy 6.37 ýewrodyr.
Ýazgeldi HALYŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.
Teswirler