Eskalatorlar nähili hereket edýärler

Eskalatorlar – bu gysga aralykda pugta hereket edýän ulag serişdeleridir.

Liftde diňe uly bolmadyk adamlaryň toparyny belli bir wagtda ýokaryk galdyryp ýa-da aşak düşürip bolar, ýöne eskalatorda bolsa adamlar şol bir tertipde yzygiderli hereket edýärler. Käbir adamlar münýärler, käbirleri hereketde bolýarlar, käbirleri bolsa düşýärler. Eskalator toplumlary köplenç adamlary öwrümli ýollar arkaly dükanlara aýlamak üçin gurulypdyr. Şeýlelikde, alyjy käbir zatlary görüp we satyn alyp biler. Ýöne has göni ýollar goşmaça zatlary satyn almaga mümkinçilik bermeýär.

Haçan-da adamlar duran wagty eskalatoryň demir basgançaklary merdiwanyň içki tarapyna ýygnanýarlar we olar yza hereket edende eskalatoryň aşagyna girýärler. Her bir basgançakda onuň gezekli-gezegine içine we daşyna çykyp hereket etmegi üçin iki sany tigirçek bardyr. Bir tigirçek basgançagyň ýokarsynda, beýlekisi bolsa aşagynda ýerleşdirilendir. Tigirçekler iki ugurly ýol boýunça hereket edýärler. Haçan-da ýollar ýakynlaşsa, eskalatorlaryň ýokarsynda basgançaklar daşyna çykýarlar. Haçan-da ýollar uzaklaşsa, eskalatorlaryň aşagynda basgançaklar içine girýärler. Eskalatoryň tutawaçlary edil basgançaklar ýaly deň tizlikde syýahatçylary deňagramlylykda saklamak bilen hereket edýärler.

Näzik ESENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok