Ýurdumyzyň demirgazyk-gündogar sebitinde ýazlyk sogan ekiler

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda  ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça geçirilýän işler ahyrlanyp barýar. Bu ýyl Daşoguz welaýatynda sogan ekişi üçin bölünip berilen ýer geçen ýylky bilen deňeşdirilende iki esse köpdür.

Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogany öndürmekde Gurbansoltan eje we S.A.Nyýazow adyndaky etraplar öňdeligini saklaýar. Olarda degişlilikde 550 we 490 gektar meýdanda sogan ekiler. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, S.Türkmenbaşy, Köneürgenç we Akdepe, şeýle hem beýleki etraplarda ýazlyk sogan soganyň bol hasyly ýetişdiriler. Ýöriteleşdirilen zerur tehnikalar we toplanan tejribeler esasynda Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu jogapkärçilikli möwsümi bellenen möhletde ýokary derejede geçirmegi meýilleşdirýärler.

Şu ýyl sebitde ýene-de güýzlük soganyň ekişi geçiriler. Şunuň ýaly işler sarp ediş bazarynyň ýokary hilli içerki azyk önümleri bilen doldurylmagyna goşant goşýar we olaryň elýeterli bahalaryny yzygiderli saklamaga mümkinçilik berýär.

Aýnur IMANOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok