Ýagtylyk bilen hereket edýän ýumşak robotlar nebit galyndylaryny arassalaýar

Kaliforniýa uniwersitetinde döredilen ýüzýän robot plastinka deňizdäki nebit galyndylaryny toplamak ýa-da içilýän suwdan hapalaýjy maddalary aýyrmak üçin juda peýdaly bolup hyzmat edýär.

Dürli usullar bilen zarýad bermek kyn bolan uzak ýerleri arassalamak üçin ýeňil we suw bilen işleýän plastinka belli bir möhletde ulanylyşa hödürleniler.

Kaliforniýa uniwersitetiniň himigi şeýle düşündirýär: “Biziň maksadymyz durnukly we daşky gurşawyň üýtgemegine uýgunlaşyp bilýän ýumşak robotlary döretmekdi. Gün şöhlesi herekete getirmek üçin ulanylsa, bu enjam durnukly we goşmaça energiýa çeşmelerini talap etmeýär. “

Gözlegçileriň döreden bu ýeňil we ýumşak robotlary kölleriň üstünde we haýal hereket edýän akymlarda täsirli hereket edýär. Bu ýumşak robotlaryň aýratynlykly tarapy mehaniki yrgyldamany döredip bilmegidir. Hereketiň bu görnüşi, roboty dolandyrmak we gerek ýerinde ony işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilik döredýär.

Gözlegçileriň bu täze açyşy “Science Robotics” ylmy žurnalynda çap edildi.

Çaryguly JAMMAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok