TÜRKMEN DÜNÝÄSI: Gara Seýitliýewi ýatlap

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň muzeýinde talyp-ýaşlar we halypalarymyzyň arasynda Türkmenistanyň Halk ýazyjysy we dramaturg Gara Seýitliýewiň goşgularyna bagyşlanyp aýdym-sazly gürrüňdeşlik geçirildi.

Gara Seýitliýewiň köptaraply döredijiligi milli edebiýaty, kino we teatryň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Şahyryň köp goşgularyna türkmen kompozitorlary saz döretdiler, şol aýdymlaryň awtory aradan çykan bolsa-da, edil şu günlerem ýaňlanýar we diňlenýär.

Onuň “Okuwçy gyzy” diýen ilkinji goşgusy 1937-nji ýylda Azarbeýjanda ilkinji goşgular ýygyndysy bilen neşir edilýär.

“Şahyr üçin öz sözlerine aýdylýan aýdymlaryň diňlenýändigini we ýaşaýandygyna guwanmakdan artyk şatlyk ýokdur. Goý, durmuşda köp gabat gelnişi ýaly, şol aýdymlary aýdýanlar awtoryň kimligini bilmeseler-bilmesinler, bu ýerde iň esasy zat-halk ony bilýär we ykrar edýär. ( Gara Seýitliýewiň terjimehalyndan).

Dabaramyzda Türkmenistanyň Halk artisti, Türkmenistanyň il ýaşulysy, ýokary okuw jaýymyzyň professory Atageldi Garýagdyýew hem gatnaşdy. Ol Gara Seýitliýew hakda:

“Gara Seýitliýew, Daňatar Öwezow, Hojaw Annadurdyýew, Wladimir Sapegin bular öz döwrüniň uly legendalary bolup geçen adamlarydyr.Biziň ýaş wagtymyz radiolarda aýdymlary aýdylard, ol aýdymlary halk we biz gaty söýüp diňleýärdik. Meniňem şol aýdymlara, heňlere bolan söýgüm döräp, şondan soň saza gelmegimiziň sebäbi bolmagy mümkin. Onuň aýdymlary türkmeniň klassiki aýdymlary bolup galýar. Gara Seýitliýew türkmeniň beýik adamsy onda-da olar biri-birini tapyp ýagny Daňatar Öwezow, Hydyr Allanurow,Wladimir Sapegin we Hojaw Annadurdyýew  bilen  üýşüp ýazan eserleri türkmen halkyny, ýaşlaryny, sazlary, sözleri bilen terbiýeläpdirler. Men özümem köp aýdymlaryny aýtýaryn. Gara Seitliýewi, Daňatar Öwezowy görmek maňa miýesser etmedi. Ýöne şol şahyrlar, aýdymlaryň sazlary bize bir mekdep boldy. Türkmen halkynyň söýgüsini gazandy. Biziň  geljeki ýaşlarymyzada şolar ýaly eserleri halka ýakyn aýdymlary ýerine ýetirmegini arzuw edýäris”, – diýip Atageldi Garýagdyýew “Dilberjan” diýen aýdymyny ýerine ýetirip berdi, sazandarlyk eden Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Sergeýewiç Mykrtumow.

Soňra Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor we ýokary okuw jaýymyzyň uly mugallymy Suhan Tüýliýew Gara Seýitliýew hakda gürrüň berdi:

“Şahyr goşgulary akgynlylygy bilen tapawutlanýar. Şahyryň sazdan başy çykansoň, onuň döredýän goşgulary aýdym salmaga amatly bolupdyr. Şol sebäpli şahyryň döwürdeş kompozitorlary bu goşgulara ençeme ajaýyp aýdymlary döredipdir. Olaryň köpüsi hiç mahal könelmejek aýdymlar bolansoň, türkmen aýdymçylary ol aýdymlary G.Seýitliýewiň döwründe-de, häzirki döwürde-de höwes bilen aýdypdyrlar we aýdylýar. Daňatar Öwezow-Gara Seýitliýewiň goşgusyna jemi 100-den gowrak eser döredipdir.

“Zähmet soňy rähnetdir” wokal-simfoniki poemany,

A.Şapoşnikow bilen bilelikde şahyryň dramaturg Guseýn Muhtarow bilen bilelikde ýazan librettosy esasynda “Aýna” operany ýazdylar.

G.Seýitliýewiň goşgusyna D.Öwezow solistler, hor hem simfoniki orkestr üçin döreden oratoriýasy üçin olaryň ikisine-de Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň döwlet baýragy berildi”.

“Toý walsy” we “Şatlyk walsy” Sazy Hydyr Allanurowyňky ýerine ýetirýär ýokary okuw jaýymyzyň 5-nji ýyl talyby Ýagşygül Omarowa, sazandarlyk edýär Ýekaterina Darçiýa.

Gürrüňdeşligi alyp baran Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň Ylmy işgäri Sapar Saparow.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir görnükli ýerinde açylan “Ylham” seýilgähiň türkmen edebiýatynyň beýik söz ussatlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň hem heýkeli uzaklara naza aýlap dur.

.

HUMAÝ AMANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň I-ýyl talyby.

Surat çeşmesi: turkmenistan.gov.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok