NÄÇE WAGT UKLAMALY?

Ýaponiýanyň Nagoi uniwersitetiniň alymlarynyň pikirine görä, uky adamyň saglygyny berkitmekde we ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Alymlar Ýaponiýanyň 45 etrabyndan 110 müň adamyň gatnaşmagynda derňew geçirdiler. Olar alnan netijäni gaýtadan jikme-jik öwrenmäge girişdiler. Uky keselleriniň ölüm bilen bagly taraplaryny anykladylar. Anyklanmagyna görä, bir gije-gündiziň dowamynda alty sagatdan ýedi ýarym sagada çenli uklaýan adamlar iň sagdyn adamlar eken. Ölüm hadysasy beýle adamlarda örän seýrek duş gelýän eken. Yzygiderli ukusyzlyk derdine duçar bolan adamlarda howply ýagdaýlar ýüze çykýar. Kimde-kim 4-5 sagatdan az uklasa, öz ömrüniň 1,6 esse gysgalmagyna sebäpkär bolmagy mümkin. Dolulygyna dynç alyp bilmedik adamyň bedeniniň güýç-kuwwata eýe bolmajakdygy mälim. Derňewiň geň galdyryjy ýene-de bir tarapy bar. Bu köpçüligiň doly ukyny almaly diýen pikiriniň ýalňyşdygyny görkezýär. Yzygiderli ýagdaýda bir gije-gündiziň dowamynda 9-10 sagatlap uklamak, ömrüň 1,7-1,9 esse gysgalmagyna alyp gelýär. Ukuçyl adamlaryň köpüsiniň saglygynda howply meseleler ýüze çykýar.

Alymlaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, ukynyň dowamlylygy möhüm däl. Ukynyň nirede, nähili ýagdaýda bolmagy saglyga we adamyň ,,Içki biologik sagadyna” täsir etmegi mümkin. Her bir adam özüniň nesil taýdan şekillendirilen ukusyna we güýç-kuwwatlylyk ritimine eýedir. Ine, şu ritimiň bozulmagy netijesinde tiz-tiz ýürek-gan damarlary, nerw, endokrin, desinhranoz keselleri gelip çykýar. Desinhranoz saglyk üçin howply bolup, ol organizmiň kuwwatyny peseldýär, yzygiderli kesellere duçar edýär. Netije şeýle: özüňiz üçin adaty ýagdaýa giren sagdyn durmuşdan uzaklaşmaň, uklaýan ýeriňizi üýtgetmäň, şonda siz öz ýadawlygyňyzy aýrarsyňyz. Siziň näçe wagt uklamalydygyňyzy organizmdäki zerurlyk kesgitlär. Siziň bedeniňiz size hemişe uky babatyndaky signaly habar berip durýar.

Altynjemal ÝOLAMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok