Günorta Afrikada hökümet ýurtdaky her bir öý hojalygyna aýda 10 gigabaýt mugt internet bermegi meýilleşdirýär. Bu baradaky habary Günorta Afrikanyň Aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ministri Khumbudzo Ntshavheni aýdan sözlerine salgylanyp Sputnik ýetirýär.
Ministriň sözlerine görä, “häzirki wagtda internete girmek, ýurtdaky her bir öý hojalygy üçin elektrik we suw ýaly esasy zerurlyga öwrüldi” diýip belläp geçýär. 2021-nji ýylyň statistikalaryna görä, halkyň 60,73 göterimi internetden peýdalanýan bu ýurdunda, her bir hojalygyň maddy gatlagyna garamazdan 10 gigabaýt internet bilen üpjün ediler.
Gülruh Merdanowa
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler