Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki giňeldilen mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, özüniň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” diýlip atlandyrylan täze kitabynyň çapdan çykandygyny mälim etdi.
Döwlet Baştutany bu täze kitabynda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli ugurlary, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça şeýle-de Türkmenistany geljekde ösdürmek boýunça birnäçe teklipleriň beýan edilendigini nygtady.
Kitap ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.
Teswirler