Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sazlaşykly geçirilen çäreler

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sergi, “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ylmy maslahat şeýle-de baýramçylyk konserti geçirildi. Bu günki geçirilen çäreler 16-17-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli şowhunly geçirilen sport ýaryşlarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda bolan “Breýn Ring” zehin bäsleşikleri bilen sazlaşyp türkmen diplomatlary üçin uly sowgat boldy. Geçirilen bu çärelere ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky ilçileri, käbir ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri  şeýle-de halypa diplomatlar gatnaşdylar. 

“Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ylmy maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen gutlagyny okap, maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” atly nyşanyň gowşurylandygyny we Gahryman Arkadagymyzyň özüniň täze döreden “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabyny sowgat berendigi baradaky hoş habarlary ýetirdi. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşary syýasatyny ösdürmek boýunça täze meýilnamalaryň işlenilip taýarlanmagy bilen bagly hem-de öňde goýlan maksatlary durmuşa  geçirmekde döwletimiziň ýöredýän Bitaraplyk syýasatynyň halkara giňişligindäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda diplomatik gullugyň ýaş hünärmenlerine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň göreldeli talyplaryna diplom gowşuryldy. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna ýüzlenme okaldy. Soňra maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler. Konsertde talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerinde ýerine ýetiren çykyşlary hemmeleriň göwnünden turdy. 

Seýli ARYŞOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok