Sanly bilim – geljegiň çyragy

Garaşsyz ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde Bitarap Watanymyzyň bilim ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Her bir ýurduň ösüşi ilkinji nobatda ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda sanly ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzda kabul edilen 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar. Şeýle-de okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär.  Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň hem tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaklyga şert döredýär. Bu ugurda bilim ojaklarynyň işini kämilleşdirmek, sanly ulgamyň gazananlaryny giňişleýin peýdalanyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da çuňlaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar.

Sanly bilimi ösdürmekde ilkinji nobatda ýaşlaryň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak möhüm şert bolup durýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim bermekde bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy zerurdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp Garaşsyz Diýarymyzda kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüş gazanylýar, netijeli sepgitlere eýe bolunýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň sanly bilim ulgamynda öňe sürýän oňyn özgertmeleri we başlangyçlary bolsa bu ulgamyň mümkinçilikleriniň çägini barha artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, Berkarar döwrümizi bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Çarowowa Täjigül

Serdar şäheriniň 9-njy orta

mekdebiniň himiýa mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok