Pandalar owadan jandar

Öz owadanlygy bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýän pandalar özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan  jandarlaryň biri bolup, öňki ýyllarda olaryň nesli azalyp barýan haýwanlaryň hatarynda durýardy. Häzirki wagtda pandalaryň ýabany tebigatda 1 müň 800-e ýetendigi mälim edildi. Şeýle hem, birnäçe ýyldan bäri pandalaryň sanynyň köpeldilmegi üçin birnäçe işler geçirildi we olaryň ýaşaýan çägi giňeldildi. Mundan başga-da, pandalaryň iň halaýan iýmiti bolan bambuk tokaýlyklary döredildi.

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatyndaky dag eteklerinde has köp gabat gelýän pandalaryň 80 göterime golaýy bu sebitde ýaşaýandyr. Häzirki wagtda pandalara dünýäniň dürli ýurtlaryndaky haýwanat baglarynda hem ideg edilip, bambuk jeňňelliginde ýaşaýan bu jandarlaryň sanynyň köpeldilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Pandalaryň süýdemdiriji jandar bolup, olaryň agramy doglan wagty 100 – 150  gram bolýar. Pandalar 1,5 ýaşyna ýetende bolsa, 50 kilograma ýetýärler we eneleriniň ýanyndan aýrylýarlar. Aýynyň bir görnüşi bolan pandalar esasan, bambuk ösümliginiň ýapragy we ýaş nahallary bilen iýmitlenip, olaryň iýmitiniň 99 göterimini bambuk emele getirýär. Mundan başga-da, bu jandarlar günüň 12 sagadyny iýmitlenmäge sarp edip, balyk we beýleki kiçi jandarlary hem iýýärler. Ýagny, olar her günde öz agramynyň 15 göterimi ýaly iýmit iýmeli bolýarlar. Pandalar ürkek haýwan hasap edilip, olar adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý ýerlerden gaça durýarlar. Pandalar 35 ýyl töweregi ýaşaýar.

Hytaýda pandalary agzybirligiň we dostlugyň nyşany hasap edilýär. XIX asyryň ahyrlarynda halkara gatnaşyklaryň ösmegi netijesinde pandalar dünýäniň beýleki ýerlerine hem ýaýraýar. Hytaýça pandalara «Beý-şung» diýilýär, onuň manysy «Dagdaky ak aýy» diýmekdir.

Nurmuhammet ARTYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok