Lebap welaýatyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenildi

Şu gün Lebap welaýatynda geçirilen maslahatyň dowamynda Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi.

Belläp geçsek, Perhat Begenjow 2000-nji ýylda ykdysatçy hünäri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlap bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işledi.

2014-nji ýylyň mart aýyndan şu güne çenli Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesinde işleýär. Şol sanda ol Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň agzasydyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok