Küşt hakynda bilmek gyzykly

  • Küştde teoretiki taýdan 1 oýunyň dowamlylygynda iň köp 5870 göçüm amala aşyryp bilner.
  • Ýer şarynda häzirki wagtda 600 000 000 adam küşt oýnuny oýnap bilýär.
  • 1951-nji ýylda Alan Turing tarapyndan küşt oýnamak üçin niýetlenen ilkinji kompýuter döredilýär.
  • Ak we gara küşt tagtasy 1090 – njy  ýylda döräpdir.
  • 1280 – nji ýylda Ispaniýada piýonlaryň bir göçümde 2 aw awlap bilmek pikiri döräpdir.
  • Kitap görnüşli iki eplenýän küşt tagtasy bir ruhany tarapyndan küşt oýnuna çäklenme getirilmegi bilen oýlanyp tapylýar.
  • 1985-nji ýylda Erik Knoppert 10 minutlyk küşt oýnuny, 500 oýundan 68 sagatda oýnap tamamlapdyr.
  • Küşt tagtasynda 122 million atyň göçümi bardyr.
  • 1989-njy ýylda Belgradda, Iwan Nikoliç we Goran Arsowiç arasyndaky küşt oýny iň uzyn dowamly küşt oýny 20 sagat 15 minut dowam edip, bu oýun 269 göçümden soň deňlik bilen tamamlanypdyr.
  • ,,Şah mat” sözi pars sözünden gelip çykyp, bu söz ,,Patyşa öldi”  manysyny berýär.
  • 1883-nji ýylda Thomas Wilson tarapyndan ilkinji mehanik küşt sagady döredilipdir.
  • Küştde oýunyň başlanmagy bilen, iki göçümden soň mat etmegiň sekiz ýoly, üç göçümden soň bolsa mat etmegiň 355 ýoly bardyr.

Çaryguly JAMMAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok