Ekerançylykda dökünleri ulanmaklygyň ähmiýeti

Häzirki döwürde dünýä ýüzünde ekerançylyk ylmynyň ösmegi hem-de tehniki taýdan öňe ilerlemegi netijesinde täze ýokary hasylly, ýaramaz şertlere durnukly sortlary döretmekde agrohimiki serişdeleri dogry we netijeli ulanmak wezipesi möhüm görkezijileriň biri bolup durýar. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler, alymlar agrohimiki serişdeleriniň önümçilikde ulanylyşynyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işläp düzmegi, daşky gurşawy zyýan ýetirip biljek ýagdaýlaryň öňüni almaklygyň ýollaryny bilmekleri zerur. Daşky gurşawda ýüze çykýan käbir agrohimiki meseleler ekerançylyk pudagynyň talabalaýyk ýagdaýda himiýalaşdyrylmazlygy, onuň hil taýdan üpjünçilik derejesiniň pesligi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýlarda ulanylýan mineral we organiki dökünleriň netijeliligini ýokarlandyryp, onuň ýitgisini azaltmak babatda dökünleri daşamagyň, saklamagyň, dogry garyşdyrmagyň, topraga kadaly ulanmagyň netijeli çäreleri düzülýär. Ekerançylykda zerur bolan dökünleri ekişden öň, ekiş bilen bilelikde we ösüş döwründe ekinleriň dürli görnüşlerinde ulanmaklygyň ähmiýetini agrohimiýa ylmy we ol boýunça geçirilen tejribeler doly subut edýär. Ekerançylygyň medeniýetine görä, her bir ekiniň görnüşine baglylykda göz öňünde tutulýan hasyly almaklyk dökünleri ulanmagyň has kämilleşen tilsimatyny işläp düzmekden, mineral we organiki dökünleriň görnüşlerini, hilini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Belli bolşy ýaly, dökünleri toprakda diňe iýmit maddalarynyň saklanyşyna, ekiniň görnüşine, sortuna, möhletine, usulyna baglylykdaky çäreler bilen utgaşdyryp ulanmaly. Dökünleriň görnüşini we hilini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary hökmünde şulary belläp geçmek bolar:

Ösümlikleriň iýmitleniş döwri bilen baglylykda döwürleýin täsir ediji dökünleri öndürmek;

Düzümi we hili ýokary bolan makrodökünleriň hem-de mikrodökünleriň önümçiligini ýola goýmak;

Düzüminde ösdüriji we togtadyjy maddalary saklaýan dökünleriň önümçiligini işläp düzmek;

Garyndysyz we zäherli maddalary bolmadyk ýokary netijeli dökünleri öndürmek we ş.m.

Şular bilen birlikde oba hojalygynda ekilýän ekinleriň hasyllylygyny we hasylyň hilini ýokarlandyrmakda ulanylýan dökünleriň dürli görnüşleri topragyň gurplulygyny yzygiderli artdyrmaga, ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga, ekerançylygy ösdürmegiň depginini güýçlendirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda hem ýer eýeleri, daýhanlar zerur bolan dökünler, himiki serişdeler bilen döwlet tarapyndan üpjün edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly şert döredýär.

Nazarly BATYR,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok