Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji fewralda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmak üçin Moskwa ýörite sapary amala aşyrar.
Taraplar rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, şeýle hem iki ýurduň köptaraplaýyn formatda (GDA, BMG, ÝHHG, Hazar bäşligi) gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.
 
             
         
                         
             
        
Teswirler