Ilatyň ýaşaýyş-durmuşy ugrunda edilýän alada

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda düýpleýin durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Durmuş meselelerini çözmek maksady bilen häzirki wagtda ýüzlerçe hassahanalar, ýokary okuw jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen döwrebap binalar gurulýar. Bu bolsa ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulanmagyna, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýaşamagyna mümkinçilik berýär.

Ýurdumyz dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmek bilen halkymyz bagtyýar zamanada eşretli ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar. Munuň üçin ýurdumyzda ähli amatly şertler döredildi. Milli telekeçilik ulgamy kämilleşdirildi we döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýy ep-esli artdyryldy, her bir maşgala düşýän girdejiniň möçberi ýylda ýokarlanýar.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine aýratyn üns çekdi.

«Döwrüň talabyna görä, biz halkymyz üçin «akylly» jaýlary we şäherleri gurmagy dowam ederis. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde we «Aşgabat-sitide» gurlan ilkinji şeýle jaýlary biz öňi bilen öz raýatlarymyza bereris. Şeýlelikde, geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar» diýip, Hormatly Prezidentimiz nygtady. Bu bolsa halkymyz üçin buýsandyrjy we guwandyryjy wakadyr.

Orazmuhammet MYRADOW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we
onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan
bellige alynmagy baradaky gullugyň
Daşoguz welaýat müdirliginiň Köneürgenç etrap, şäher
bölüminiň döwlet bellige alyjysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok