Dünýä okeanynyň täsinliklwrinden Mariana çöketligi

Mariana çöketligi Ýuwaş okeanynyň günbatarynda Mariana adalarynyň gapdalynda ýerleşýär, şonuň üçin ol çöketligi şeýle atlandyrylypdyr. Bu çöketlik adalaryň gyrasy bilen bir ýarym müň kilometre çenli uzalyp gidýär, özüniň okeanasty gurluşynda V-görnüşli şekili bilen häsiýetlenýär. Onuň ýapgytlygy örän dik hasap edilýär, ýagny ortaça 7-9°, onuň düýbi 1 kilometrden 5 kilometre çenli aralygyndaky giňlikde uzaýan tekizlikdigi öwrenilipdir. Mariana çöketliginiň iň çuň nokady “Challenger Deep” diýip atlandyrylýar. Şol nokat çöketligiň günorta-günbatar tarapynda, Guam adasyndan 340 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Challenger Deep atly nokadyň geografiki koordinatasy  =ll°21’N,  =142°12’E bolup, 2011-nji ýylda geçirilen ölçeglere görä onuň çuňlugy 10994m±40m.

Deňiz suwunyň iň möhüm fiziki aýratynlygynyň biri hem elektromagnit tolkunyny geçirmän, ses (akustiki) tolkunyny has gowy geçirýänligidir. Has takygy deňiz suwunda ses tolkunynyň tizligi howadakydan 5 esse töweregi ýokarydyr. Şol sebäpden suwasty günlük ölçegleri geçirilende esasan akustiki enjamlary ulanylýar.

1995-nji ýylda geçirilen çuňluk barlaglarynda iň çuň nokadyň 10920 metr töweregidigi, 2009-njy ýyldaky barlaglarda bolsa 10971 metrdigini kesgitenipdir. 2011-nji ýylda geçirilen iň soňky barlaglarda onuň çuňlugyny 10994±40 metr diýip kesgitlenýär. Şeýlelikde Mariana çöketligindäki Challenger Deep atly iň çuň nokadyň çuňlugy Ewerest dagynyň deňiz derejesinden alnan belentliginden (8848 metr) has çuňdur.

Taryhda ilkinji gezek Mariana çöketliginiň düýbüne adamyň çümüşi 1960-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň leýtenanty Don Uolş we ylmy barlagçy Žak Pikar ikisiniň gatnaşmagynda, onuň kakasy Žak Ogýust Pikar tarapyndan taslanan «Triýest» atly batiskafda amala aşyrylypdyr.

«Triýest» batiskafynda geçirilen şol gezekki ölçeglerde enjamlar iň ýokary rekord çuňlugy görkezýär – 11521 metr. Çuňluk ölçeginiň netijesine düzedişler girizilenden (korrektirlenenden) soň 10918 metr diýlip hasaplanylýar.

Atanyýaz AGAGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok