Bütindünýä Maglumat dolandyryşy güni

Durmuşymyzdaky birnäçe möhüm faktorlar ýaly, maglumatlar ulgamy hem örän peýdalydyr. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda bu ulgam has-da möhüm bolup, ol boýunça meseleler ör boýuna galdy. Innowasion tehnologiýalaryň ösýän, kämilleşýän döwründe aýratyn täsir galdyrýan akylly şäherçeleriň, öýleriň we beýleki akylly enjamlaryň hyzmatyndan yzygiderli peýdalanmak gymmatly wagtymyzy tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Sanly ulgamyň emeli aň, bulut tehnologiýasy, kiberhowpsuzlyk, startup, finteh, sanly lukmançylyk, sanly bilim, elektron-hökümet ýaly ugurlarynyň çalt depginli tehnologik ösüşiniň amala aşmagy üçin ulgamyň global häsiýeti we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr. 1992-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Halkara forumda kabul edilen karar esasynda her ýylyň 17-nji fewralynda dünýä derejesinde Bütindünýä Maglumat dolandyryşy güni bellenilýär. Baýramyň bellenilmeginiň sebäbi-de häzirki maglumat alyş-çalşygynyň ösen asyrynda maglumatlar binýadynyň näderejede zerurdygyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde zerur bolan mümkinçilikleri yzygiderli giňeldýän, maglumat alyş-çalşygynyň tizligini, iberilýän maglumatlaryň hilini we göwrümini sazlaýan, özünde saklaýan hem-de ýaýradýan ösen tehnologiýalar bar. Bu kämil tehnologiýalar ynsan durmuşynyň, jemgyýetiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olar durmuşda köptaraplaýyn meseleleri çözmäge, ýüze çykyp biläýjek betbagtçylyklary öňünden seljermäge, aragatnaşygy üpjün etmäge ýardam edýär. Maglumat dolandyrylyşynyň her ulgamlar, ýagny saglyk, oba hojalyk, bilim, sport, goranmak, diplomatiýa boýunça ugurlarda gönüden-göni baglanyşykly aýratynlyklary bar. Kämil tehnologiýalardan dogry we netijeli peýdalanmak bilen maglumatlary dolandyrmagyň dogry usullaryny bilmek möhümdir.

Biziň ýurdumyzda hem sanly ykdysadyýete geçmek hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler kabul edilen maksatnamalara laýyklykda amala aşyrylýar. Maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde “Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” we beýleki kanunlar kabul edildi. Bu bolsa dürli ulgamlarda, bilim we beýleki edara-kärhanalarda maglumat howpsuzlygyny amal etmekde we ony dolandyrmakda özboluşly goşant bolup hyzmat edýär.

Şähribossan ÖRÄÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok