USB-den 10 esse çalt maglumat geçiriş ulgamy

Gözlegçiler topary çipleriň arasynda maglumatlary geçirmäge mümkinçilik berýän täze çipleri we täze kabelleri döretdiler. Täze ulgamyň maglumat geçiriş tizligi USB-den on esse çalt.

Elektron enjamlarda paýlaşylýan maglumatlaryň mukdary günsaýyn artýar. Gözlegçiler has gysga wagtyň içinde has köp maglumat geçirmäge mümkinçilik berýän ulgamlary ösdürmäge synanyşýarlar.

 Häzirki wagtda maglumatlary geçirmegiň köpüsi mis simleriň üstünde amala aşyrylýar. Elektrik signallary bilen maglumatlaryň geçirilýän bu ulgamlarynyň netijeliligi bolsa häzir hem pesligine galýar. Geçirilýän maglumatlaryň mukdary bilen energiýa zerurlygy hem artýar.

Gözlegçiler kremnili çipleriň täze görnüşini we bu çipleriň arasynda maglumatlary geçirmäge mümkinçilik berýän täze polimer esasly kabelleri döretdiler. Polimer kabelleri has ýeňil we önümçilik çykdajylary mis kabellerinden has arzan bolup durýar. Mundan başga-da, ýokary maglumatlary geçirmek döwründe olaryň netijeliligi süýümli optiki kabeller bilen bäsleşip biljek derejede. Täze kabelleriň iň möhüm aýratynlygy, täze döredilen çipler bilen utgaşmagydyr. Täze çipleri we täze kabelleri birleşdirmek üçin ýörite öndürilen enjamlara zerurlyk ýok.

 Täze polimer kabelleri saçyň birje tarynyň galyňlygynda bolup, takmynan sekuntda 105 gigabaýt maglumat geçirilip bilýär. Täze tehnologiýanyň ilki bilen maglumat merkezlerindäki serwerlerde özüne orun tapmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, täze maglumat geçiriş ulgamynyň awtoulaglar we uçarlar ýaly kiçi, ýeňil elektron enjamlarynyň has ileri tutulýan ýerlerinde örän peýdaly bolmagyna garaşylýar.

Durdyguly NURYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok